"Liwerpulyň" ýyldyzy garaşylmadyk karara geldi

25.07.2024ý.

"Liwerpulyň" merkezi goragçysy Wirjil wan Deýk Saud Arabystanynyň klublaryndan teklip alypdy.

Klub tejribeli futbolçyny 55 million ýewro bilen goýberjekdigini habar beripdi.

Niderlandiýaly futbolçynyň özi geljegi barada garaşylmadyk karara geldi. Wan Deýk klubdan gitmek islemeýär we işini "Liwerpulda" dowam etdirmegi makul bilýär.

Žurnalist Grem Beýliniň ýazmagyna görä, Wirjil wan Deýk klub ýolbaşçylaryna täze şertnama boýunça gepleşiklere açykdygyny duýdurdy.

Angliýa premýer-ligasynyň iň gowy merkezi goragçylaryndan biri bolan wan Deýkiň häzirki şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsunda gutarýar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!