www.jankoyer.com.tm
TÝL. "Şagadam" OTÝ üçin Türkiýä ugrady
19.07.2024ý.
«Altyn Asyr», «Merw» we «Aşgabat» futbol toparlaryndan soň Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary hem daşary ýurtda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar.
Topar şu gün Türkiýäniň gyşky sport görnüşleri bilen tanalýan Kartepe kurort şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Aşgabadyň halkara howa menzilinden Türkiýe Respublikasyna ugrady. «Şagadamyň» Türkiýedäki türgenleşikleri 8-nji awgusta çenli dowam eder.
Klubyň metbugat gullugynyň «Janköýere» beren maglumatyna görä, «Şagadam» Türkiýede ýerli we daşary ýurt toparlarynyň 6-7 sanysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu duşuşyklar we olaryň netijeleri barada «Janköýer» tarapyndan habar berler.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!