"Gurban Berdiýew öz pelsepesi bilen geldi"
15.07.2024ý.
Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» futbol toparynyň kapitany Şahriýar Aliýew «Azerisport» neşirine beren interwýusynda türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň aýratynlyklaryna ünsi çekdi.
― Topar ahyrky ýoldaşlyk duşuşygynda «Kapazy» 4:0 hasabynda ýeňdi. Oýun nähili geçdi?
― Ýoldaşlyk duşuşyklarynda ýeňiş ýa-da onuň uly hasaply bolmagy esasy zat däl. Biz baş tälimçimiziň tabşyryklaryna görä hereket edýäris. Esasy zat ― şol. Yzygiderli türgenleşendigimiz üçin duşuşyga ýadaw çykdyk. Beýle ýagdaýda ýalňyşlyk hem goýberýäris, duşuşykda şol ýalňyşlyklarymyzy görýäris. Gurban Berdiýew her bir duşuşygy, her bir türgenleşigi analiz edýär. Bize güýçli we ejiz taraplarymyzy görkezýär. Täze tabşyryklary berýär. Gaýtalap aýdýaryn, ýoldaşlyk duşuşyklarynda netije däl-de, ideal oýun möhüm.
― Mundan öň «Şamkiri» 13:0 hasabynda ýeňipdiňiz. Iki duşuşygyň arasyndaky tapawut nämededi?
― Täze baş tälimçimiz bar, onuňam öz pelsepesi. Ol bizden şol pelsepä görä oýnamagymyzy talap edýär. Täze taktiki özgerişlikleri getirýär. Biz her duşuşykda kämilleşmäge çalyşýarys.
― Siziň üçin Gurban Berdiýewiň oýun pelsepesine uýgunlaşmak kyn düşermi?
― Her bir tälimçiniň öz uslyby bar. Gurban Berdiýew her türgenleşikden soň seljerme berýär, düşünmediklerimizi düşündirýär. Düşünmesek, sorag bermegimizi isleýär. Gaýtalap-gaýtalap düşündirýär. Biz her gün ýygnak geçirýäris diýip bileris. Tälimçimiz her bir futbolçy bilen aýratynlykda hem gürleşýär. Biziň pikirimizçe, onuň diýýän oýnuny orat goýup bilsek gerek.
― Berdiýew bilen öz araňyz nähili?
― Ol oýunçylary biri-birinden tapawutlandyrmaýar, hemmelere deňeçer çemeleşýär. Her birimiz bilen gürleşýär. Olary diňleýär.
― Täze tälimçiniň gelmegi bilen, «Turan-Towuzdan» has gowy netijelere garaşylýar. Siziň pikiriňizçe, topar täze möwsümde Ýewro kuboklara gatnaşyp bilermi?
― Elimizden gelenini gaýgyrmarys. Esasy zat ― ýaryşlaryň başlamagy. Möwsümiň ahyrynda bolsa Ýewropanyň kuboklaryna gatnaşmaga hukuk gazanjakdygymyza ynanýaryn.
Söhbetdeş bolan Ýusup Alyýew.
Türkmen diline terjime eden:
Agageldi ITALMAZOW,
«Janköýer»

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


