www.jankoyer.com.tm

Premier League. "Mançester Ýunaýted-de" üýtgeşmeler

11.07.2024ý.

«Mançester Ýunaýted» tälimçiler toparyna üýtgeşmeler girizendigini habar berdi. Tälimçiler toparyna «Ýunaýtediň» öňki Gollandiýaly hüjümçisi Ruud wan Nistelroý we Rene Hake diýen tälimçi goşuldy. Erik ten Hagyň kömekçisi Mitçell wan der Gag we hüjümçileriň tälimçisi Benni Makkarti topardan gitdi.

Wan Nistelroý 2001-nji ýyldan 2006-njy ýyla çenli «Mançester Ýunaýted-de» oýnady, Gollandiýaly tälimçiniň karýerasyndaky iň soňky topar, 2022-nji ýyldan bäri tälim beren «PSW» boldy. Şeýle hem, Erik Ten Hagyň kömekçisi hökmünde 2022-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli Gollandiýaly «Go Ehe Igls» toparynyň tälimçisi Rene Hake bellendi. Hünärmenler 2026-njy ýyla çenli şertnamalara gol çekdiler. Ten Hagyň özi hem iýulyň başynda topar bilen şertnamasyny 2026-njy ýyla çenli uzaltdy.

Ýene bir resmi habarlaryň biri, gyzyllaryň 27 ýaşly ýarymgoragçysy Donni wan de Bek «Žironanyň» düzümine goşuldy. «Ýunaýted» bu oýunçynyň satuwyndan 500 müň ýewro we 15 million ýewro çenli köpelmek mümkinçiligi bilen 4-5 million ýewro bonus gazandy.

Şeýle hem, «Bolonýa» we Gollandiýanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Joşua Zirkzi «Mançester Ýunaýtediň» oýunçysy bolar diýip, tanymal žurnalist Fabrizio Romano X sosial ulgamynda (öňki Twitter) habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Gyzyl şeýtanlar satyn almak mümkinçiligini işjeňleşdirmez, olar has amatly şertlerde 40 million ýewrodan köp tölär, emma bu tölegi 3 ýyla bölüp berer. Oýunçy bilen şertnamanyň ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen 2029-njy ýyla çenli gol çekilendigi habar berildi. Ýeri gelende bellesek, 23 ýaşly hüjümçi 2022-nji ýylyň tomsundan bäri «Bolonýada» oýnaýar. Geçen möwsümde Zirkzi ähli ýaryşlarda 37 oýuna gatnaşyp, 12 gol geçirdi we ýedi asist berdi. Şeýle hem, ol Serie A çempionatynda möwsümin iň ökde ýaş futbolçysy diýip yglan edildi.

Transfermarkt portalynda berlen maglumata görä, futbolçynyň bazar bahasy 50 million ýewro.