Lionel Messiniň täze rekordlary, täze statistikalary

11.07.2024ý.

ABŞ-da geçirilýän 48-nji Kopa Amerikada ilkinji finalçy Argentinanyň ýygyndysy boldy. Argentinanyň ýygyndysy ýarym finalda Kanadanyň ýygyndysy Hulian Alwares hem-de Lionel Messiniň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňip, bassyr 2-nji, umumylykda 30-njy gezek finala çykdy.

Bu olaryň soňky 8 ýaryşda, has takygy 20 ýyldaky 6-njy finaly boldy. Şol finallaryň 4-sinde oýnan super ýyldyz Lionel Messi uly ýaryşlardaky 7-nji finalyna çykar (2-si Dünýä Kubogy). Ol 7 finalda oýnan ilkinji futbolçy bolar.

Şeýle-de, Lionel Messi 6-njy Kopa Amerika ýaryşynda tapawutlanyp, bu babatda 67 ýyllyk rekordy gaýtalady. Messiden öň braziliýaly Zizinio 6 Kopa Amerika ýaryşynda gol geçiripdi. Bu ýaryş Messiniň 7-nji Kopa Amerika çempionaty bolup, ol 2011-nji ýyldaky ýaryşda gol geçirip bilmändi. Galyberse-de, Lionel Messiniň milli ýygyndydaky gollarynyň sany 109-a ýetip, 108 gol geçiren eýranly Ali Daeini yzda galdyrdy we 2-nji orna beýgeldi. Messiden öňde 130 gol salan portugaliýaly Kristiano Ronaldo bar.