www.tff.com.tm

Daşoguz welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi.

01.07.2024ý.

Ýakynda Daşoguz şäherinde 2009-2010-njy ýyllarda doglan futbolçylaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň “Garaşsyzlyk” hem-de Şabat etrabynyň 1-nji  Sport desgalarynda guralan birinjiliň dowamynda ýeňiji bir aýlawda geçirilen bäsleşigiň netijesinde kesgitlenildi. 

Şeýlelikde geçiren bäş duşuşygynyň hemmesini hem ýeňiş bilen tamamlan paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary toplan 15 utugy bilen baş baýraga mynasyp boldy. 12 utuk toplan Daşoguz şäheriniň “Köpetdagy” ikinji, geçirilen duşuşyklarda 9 utuk toplan “Daşoguz” (Daşoguz ş.) topary ilkinji üçlügi jemledi.

Şabat etrabynyň “Dostluk”, Görogly etrabynyň “Görogly” hem-de Boldumsaz etrabynyň “Boldumsaz” toparlary degişlilikde 4-nji, 5-nji hem-de 6-njy orunlarda ornaşdylar. 

FIFA-nyň “Zehinleri ösdürmek taslamasynyň” (FIFA TDS) çäginde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen birinjiligiň baýrak gowşurylyş dabarasynda her ugurda tapawutlanan oýunçylara sylaglar gowşuryldy. Garşydaşlarynyň derwezelerinden netijeli urgularyň 12-sini geçiren Ýaran Hojagulyýew (“Köpetdag”, Aşgabat ş.) iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňe saýlanyldy. Ýaranyň topardaşlary Ýazmyrat Saryýew “Iň ökde derezeçä”,  Döwlet Ýaraşow “Iň ökde goragça” gowşurylýan baýraklara mynasyp görüldiler. Daşoguz şäheriniň “Köpetdagynyň” oýunçysy Jafar Jumabaýew “Iň ökde ýarymgoragçy” diýlip saýlanan bolsa, “Daşoguz” toparynda çykyş eden Bagubek Ibadullaýew “Iň ökde hüjümçä” gowşurylýan baýraga mynasyp boldy.