www.jankoyer.com.tm

EURO 2024. Pogba Fransiýa – Belgiýa duşuşygyna gatnaşar

01.07.2024ý.

Doping sebäpli dört ýyllap futboldan çetleşdirilen «Ýuwentusyň» ýarymgoragçysy Pol Pogba Ýewro 2024-iň 1/8 finalynda Fransiýa bilen Belgiýanyň arasynda geçiriljek duşuşyga tomaşa etmäge geler.

Bu barada «Footmercato» habar berýär. Fransiýaly ýarymgoragçynyň doping ulanandygy geçen ýylyň awgust aýynda kesgitlenilipdi. Şu ýylyň 29-njy fewralynda bolsa antidoping kazyýeti ony dört ýyllap futboldan çetleşdirmek boýunça çözgüt kabul etdi. Oýunçynyň beren şikaýaty bolsa kabul edilmedi.

Fransiýa – Belgiýa duşuşygy şu gije geçiriler. Oýny Dýusseldorf şäherindäki «Merkur Şpil-Arena» stadiony kabul eder.