www.jankoyer.com.tm

EURO 2024. Ispaniýa – dördünji çärýek finalçy

01.07.2024ý.

Ýewropanyň çempiony bolmaga esasy dalaşgärleriň biri hökmünde garalýan Ispaniýanyň milli ýygyndysy ýaryşyň gowy netije görkezýän ýygyndylarynyň biri bolan Gruziýany öýüne ýollady.

Duşuşygyň heniz 18-nji minudynda Gruziýa Le Normanyň öz derwezesine geçiren goly bilen garaşylmadyk ýagdaýda öňe saýlanan hem bolsa, birinji bölümiň ahyrynda Rodri hasaby deňledi – 1:1.

Ikinji ýarymda bolsa oýun tutuşlygyna ispanlaryň ygtyýarynda boldy. Bu ýarymda Ruis, Uilýams we Olmo tapawutlanyp, duşuşygyň Ispaniýanyň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlanmagyna sebäp boldular.

Şeýlelikde, Ispaniýa çärýek finala ýollanma alan dördünji ýygyndy boldy. Indi Luis de la Fuentanyň şägirtleri ýer eýeleri – Germaniýa bilen güýç synanyşarlar.

 

Ýewro 2024, 1/8 final. 30.06.2024ý. (ýekşenbe)

Ispaniýa – Gruziýa – 4:1 (1:1)

[0:1]  – 18' (ö.d.) Le Norman;

[1:1] – 39' Rodri;

[2:1] – 51' Fabian Ruis;

[3:1] – 75' Uilýams;

[4:1] – 83' Olmo.