Berdiýewiň bir islegi gijiger

29.06.2024ý.

Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» futbol kluby özüne degişli bolan meýdanyň otuny emeli sintetik örtükden tebigy ota öwürmekçi.

Bu toparyň täze baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň ilkinji islegleriniň biri. Muňa garamazdan, edil häzirki möwsümde bu islegi amala aşyrmaga mümkinçilik ýok. Çünki klubyň ähli ýaş derejelerindäki toparlary duşuşyklaryny şu meýdanda geçirýär. Tebigy ot bolsa birbada munça toparyň duşuşyklaryna döz gelip bilmez.

Şonuň üçin hem klub ýakyn geljekde türgenleşik we kiçi ýaş toparlary üçin goşmaça meýdanlary gurup, esasy meýdanyň ýüküni azaltmagy meýilleşdirilýär.