Basketbol däl, futzal – 65:0

29.06.2024ý.

Futzal boýunça talyplaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň çägindäki Portugaliýa – BAE duşuşygy garaşylmadyk uly hasap bilen tamamlandy. Duşuşykda Portugaliýanyň milli ýygyndysy garşydaş toparyň derwezesinden jogapsyz 65 gol geçirdi.

Munuň özi her minutda, ortaça 1,6 goluň geçirilendigini görkezýär.

Duşuşykda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň iki futzalçysy nona-trik edip, 9 goldan geçirmegi başardylar. Bu hasap, futzalyň taryhyndaky iň uly hasaplaryň arasynda ikinji orny eýeleýär.

Duşuşygyň wideo ýazgysynyň doly görnüşine YouTube-den tomaşa edip bilersiňiz.