Naçodan soň Hoselu hem "Real Madridi" terk etdi

29.06.2024ý.

Kataryň «Al-Garafa» topary, geçen möwsüm «Real Madrid-de» oýnan 34 ýaşly hüjümçi Hoselu bilen şertnama gol çekilendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy geçen möwsüm «Real Madridiň» düzüminde kärendesinde oýnapdy. Madridli topar bu hüjümçiniň şertnamasynda bolan «Espanýoldan» 1.5 million ýewro satyn almak mümkinçiligini ulandy we şol baha futbolçyny Kataryň toparyna satdy. Şonluk bilen, Madrid topary oýunçynyň hiç bir meselesiz täze toparyna geçmegine kömek etdi.

Abraýly italýan žurnalisti Fabrizio Romano, «Al-Garafanyň» Hoselu bilen iki ýyl we ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen zähmet şertnamasyny baglaşandygyny habar berdi.

Hoselu geçen möwsüm ähli ýaryşlarda 49 oýuna gatnaşyp, 17 gol geçirip, 3 asist berdi. Transfermarkt portalynda berlen maglumata görä, futbolçynyň häzirki bazar bahasy 5 million ýewro diýip çaklanylýar.