www.jankoyer.com.tm

EURO 2024. Iň köp “Mançester Sitiniň” oýunçylary saýlandy

29.06.2024ý.

EURO 2024-de toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, şu gün 1/8 finalyň duşuşyklaryna badalga berler. Çempionatyň toparçalaýyn tapgyrynda 36 duşuşyk geçirildi. Bu bolsa 36 sany futbolçy duşuşygyň ýyldyzy saýlandy diýmekdir. Şol oýunlarda iň köp “Mançester Siti” toparynyň futbolçylary duşuşygyň ýyldyzy diýlip saýlandy. Klubyň oýunçylaryndan Kewin de Bruýne (2), Manuel Akanži, Bernardo Silwa dagy duşuşygyň ýyldyzy diýlip saýlanypdy.

“Mançester Sitiden” soň “Napoli” (Lobotka 2, Kwarasheliýa), “Real Madrid” (Arda Güler, Bellingam, Modriç) hem-de “Mançester Ýunaýted” (Eriksen 2, ) toparlarynyň oýunçylary 3 gezek duşuşyň iň ökde oýunçysy saýlanyp, bu ugurda 2-nji ýeri paýlaşýarlar. “Baýer” (Džaka), PSŽ (Witinýa, Fabian Ruiz), “Barselona” (Ferran Torres, Gündogan) “Al-Ittihad” (N’Golo Kante) toparlarynyň wekilleri-de 2 gezek duşuşygyň iň ökde oýunçysy ýa-da duşuşygyň ýyldyzy diýlip saýlandy.

Kewin De Bruýne (“M. Siti”), Kristian Eriksen (“M. Ýunaýted”), Stanislaw Lobotka (“Napoli”), Granit Džaka (“Baýer”), N’Golo Konte (“Al-Ittihad”) dagy 2 gezek duşuşygyň ýyldyzy hökmünde ykrar edildi.