
EURO 2024. Lewandowski birinji oýny sypdyrar
12.06.2024ý.
«Barselona» we Polşa milli ýygyndysynyň hüjümçisi Robert Lewandowski, bud myşsasynyň ýyrtylmagy sebäpli Ýewropa futbol çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji oýnuna gatnaşmajakdygyny milli ýygyndynyň lukmany Ýatsek Ýaroşewski aýtdy.
Lewandowski duşenbe güni türklere garşy geçirilen dostlukly oýunda şikes aldy (2:1). Ol oýnuň 33-nji minutynda meýdançadan çykdy. Şeýle hem, ýarymgoragçy Pawel Dawidowiç we hüjümçi Karol Swiderski şikes aldy. Iki oýunçy hem 3-4 günüň içinde türgenleşige başlar.
Polşa milli ýygyndysy D toparçada oýnar, olaryň ilkinji oýny 16-njy iýunda Gollandiýa ýygyndysyna garşy bolar. Soň polýaklar awstriýalylar we fransuzlar bilen oýnar.