www.jankoyer.com.tm
WCQ 2026. Türkmenistan – Gonkong – 0:0
11.06.2024ý.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty 2026-nyň saýlama böleginde ikinji utugyny gazandy. Mergen Orazowyň şägirtleri şu gün Gonkongyň ýygyndysy bilen "Aşgabat" stadionynda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.
«Dünýä Kubogy 2026» hem-de «Aziýa Kubogy 2027» atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry
“E” toparça: 6-njy tapgyr: 11.06.2024ý.
Türkmenistan – Gonkong – 0:0
Geçirilýän ýeri: "Aşgabat" stadiony (Aşgabat şäheri, Türkmenistan), 10324 tomaşaçy.
Başlanan wagty: 20:00








“E” toparçasynyň beýleki oýny bolan Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykdada hasap açylmady (0:0).

Şeýlelikde, saýlama tapgyryň jemi boýunça 13 utukdan toplan Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylary degişlilikde birinji, ikinji orunlary eýelediler. 2 utukdan toplan Türkmenistanyň hem-de Gonkongyň milli ýygyndylary bolsa üçünji, dördünji orunlarda ornaşdylar.
JANKÖÝER

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


