Hemmelere Messiniň köýnekçesi gerek

11.06.2024ý.

Messiniň ady ýazylan köýnekde MLS-de 2024-nji ýylda iň köp satylan köýnekçe boldy. Ikinji orunda bolsa bolsa Messiniň topardaşy Luis Suaresiň ady ýazylan köýnekçe bar. MLS-de hyrydaryny iň köp tapan köýnekçeleriň ilkinji bäşligine «Sinsinnatiniň» futbolçysy Lusiano Akostanyň, «Kolambusdan» Kuço Ernandesiň, «Gelaksiden» Riki Puçuň köýnekçekleri hem girýär. Şeýle hem amerikalylar «Sietlden» Pedro de la Weganyň, Jordan Morrisiň, «Neşwillden» Hani Muhtaryň, «Atlantadan» Georgis Ýakumakisiň we «Nýu-Ýork Red Bullsdan» Emil Forsbergiň köýnekçelerine isleg bildirdiler.