www.jankoyer.com.tm

EURO 2024. Ýene üç günden futbol çempionaty başlanýar

11.06.2024ý.

Eýsem, çempionatyň öňüsyrasynda bu ýaryşyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçylar barada bilmek isleýärsiňizmi?

Ýewropa çempionatlarynyň iň netijeli futbolçylarynyň tagty häzir portugaliýaly ýyldyz Kriştianu Ronaldunyň elinde. Ol yklym çempionatlaryna bäş gezek gatnaşyp, olarda 14 gezek tapawutlandy.

Has takygy Ronaldu 2004-nji ýyldan bäri ähli yklym ýaryşlaryna gatnaşyp gelýär. Ol Ýewropa çempionatlarynda 14 gol geçirmek üçin 25 duşuşyk geçirmeli boldy, olarda hem 2 müň 153 minut futbol oýnamaly boldy. Ronaldu bu gollaryň üçüsini 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Sanawyň ikinji basgançagynda meşhur fransiýaly ýyldyz Mişel Platini bar. Platininiň Ronaldudan tapawudy ― ol ýekeje çempionatda 9 gol geçirip, gaýtalanmasy örän kyn rekorda gol çekdi. Has takygy, ol 1984-nji  ýyldaky Ýewropa çempionatynda Belgiýanyň we Ýugoslawiýanyň derwezesinden 3, Daniýanyň, Portugaliýanyň we Ispaniýanyň derwezesinden bolsa 1 goldan geçiripdi. Sanawyň üçünji basgançagynda birbada üç futbolçy bar. Olar daniýaly Ole Medsen, fransiýaly Antonio Grizmann we angliýaly Alan Şererdir. Bu futbolçylaryň üçüsi hem Ýewropa çempionatlarynda 7 goldan geçirdiler.

Diýmek, bu gezek Ronaldu bilen Grizmann has köp gol geçirip, netijesini gowulandyryp biler. Olara we beýleki dünýä ýyldyzlaryna «Janköýer» bilen bile tomaşa ediň! Iň gyzgyn habarlar bizde bolar.

Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!  


Bellik: Habarda “Za­man-Türk­me­nis­tan” (www.zamanturkmenistan.com.tm) saýtyndan halkara ýaryşyň senenamasy ulanylandyr.