CAFA U20. Ýygyndymyzyň halkara ýaryşyna gatnaşmagyna garaşylýar

11.06.2024ý.

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň iýul aýynda Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Gyrgyz Respublikasynyň «Sport.kg» sport portalynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (MAFA) tarapyndan guraljak ýaryş 5-12-nji iýul aralygynda geçiriler. Ýaryşy geçirmek üçin Jalal-Abad şäherinde durky täzelenen «Kurmanbek» stadiony saýlanyp alyndy.

Wideokömekçi emin ulgamyndan (VAR) hem peýdalanyljak sebit çempionatynda türkmen futbolçylaryndan başga-da, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary ýaryşar.