Ligue 1. 31 ýaşly hünärmen "Lans" toparynyň tälimçisi boldy

10.06.2024ý.

«Lans» toparynyň täze tälimçisi Will Still boldy diýip, Fransuz toparynyň metbugat gullugy habar berdi. 31 ýaşly hünärmen üç ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu tälimçi ýaňy ýakynda «Nitsa» toparyna ýolbaşçylyk eden Frank Ezäniň ornuna geldi.

Still 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda «Reims» toparynyň baş tälimçisi boldy. Şol wagt onuň UEFA Pro ygtyýarnamasy bolmansoň, «Reims» bu hünärmeniň topara ýolbaşçylyk eden her oýny üçin 25 müň ýewro jerime tölemäge mejbur boldy. Tälimçi wezipesine bellenenden soň, topar ähli ýaryşlarda yzygiderli 14 oýun ýeňilmedi. 2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Still «Reimsiň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy.

Geçen möwsümiň netijelerine esaslanyp, «Lans» konferensiýa ligasyna gatnaşmaga hukuk berýän Fransiýa çempionatynda 7-nji ýeri eýeledi.