Ançelotti Klublar arasy Dünýä Kubogyndan nägile

10.06.2024ý.

Tamamlanan möwsümde UEFA Çempionlar Ligasynyň hem-de “La Liganyň” çempionlygyny gazanan “Real Madrid” toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti Klublar arasy Dünýä Kubogy barada öz pikirini beýan etdi. Ol formaty üýtgedilen ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürýändiklerini aýtdy. Şu 65 ýaşyny dolduran Ançelotti: – Real Madrid topary çakylykdan edil beýleki klublary ýaly ýüz öwrer. FIFA täze görnüşdäki ýaryşa beýleki klublaryň gatnaşmak islemeýändigini unudýar. Real Madridiň ýeke-täk duşuşygy 20 million ýewro deň. FIFA bolsa muny bize tutuş ýaryşyň dowamynda bermekçi bolýar – diýip, gürrüň berdi.

Täzelenen görnüşdäki FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynyň ilkinjisi 2025-nji ýylyň 15-nji iýun – 13-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçiriler we oňa 32 klub gatnaşar. 4 toparly 8 toparçada klublar 3 duşuşykdan soň 1-nji orny alanlar ýaryşy dowam eder.