UCL. "Real Madrid" 15-nji kubogyny gazandy

03.06.2024ý.

«Real Madrid» Çempionlar ligasynyň finalynda «Borussiýa Dortmundy» ýeňdi. Duşuşyk Londonda Wembli stadionynda geçirildi we 2:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda gollary Daniel Karwahal (74-nji minut) we Winisius Junior (83-nji minut) tora girizdi.

«Real Madrid» 15-nji gezek Ýewropa futbolynyň esasy kubogyny aldy, bu görkeziji boýunça Madrid topary rekordyň eýesi.

«Borussiýa» üçin bu Çempionlar ligasynyň finaly taryhda üçünji boldy. 1997-nji ýylda «Dortmund» Turiniň «Ýuwentusyny» (3:1) ýeňdi, 2013-nji ýylda bolsa Mýunheniň «Bawariýasyndan» (1:2) ýeňildi.

Bu duşuşykda 35 ýaşly «Borussiýanyň» ýarymgoragçysy Marko Roýs we «Real Madridiň» 34 ýaşly ýarymgoragçysy Toni Kroos, öz toparlary bilen hoşlaşyk oýunlaryny oýnadylar.

14-nji awgustda Warşawada geçiriljek UEFA Super kubogy ugrundaky oýunda «Real», Ýewropa ligasynyň ýeňijisi «Atalanta» bilen duşuşar.