Otamendi hem-de Alwares Pariž 2024-de çykyş eder

30.05.2024ý.

Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Argentinanyň düzümine Dünýä çempiony 2 futbolçy çagyryldy. Olar goragçy Nikolas Otamendi bilen hüjümçi Hulian Alwares bolup, bu barada argentin neşirlerinde habar berilýär. 36 ýaşyndaky Otamendi häzirki wagtda “Benfikada”, 24 ýaşyndaky Alwares “Mançester Sitide” çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, tomusky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasyndaky ýygyndylar 23 ýaşdan kiçi bolmaly. 23 ýaşdan uly diňe 3 futbolça ygtyýar berilýär. Argentinanyň Olimpiýa topary toparçada Marokkodyr Yragyň hem-de Ukrainanyň toparlary bilen duşuşar. Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynda futbol ýaryşy 24-nji iýul – 10-njy awgust aralygynda geçiriler.