www.jankoyer.com.tm

TNFL. 5-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

21.05.2024ý.

Şu gün ― 21-nji maýdan başlap, futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Balkan welaýatyndaky duşuşyklaryna badalga berildi.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan tapgyry «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Awaza» sport toplumynyň meýdançasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatdan, Balkandan we Daşoguzdan alty futzal topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda göreşýär.

5-nji tapgyryň birinjiligi ugrunda milli çempionatyň lideri «Senagatbank» topary bilen Türkmenistanyň häzirki wise-çempiony «Köpetdag» topary duşuşdy.

Mundan öň dört duşuşykda dört ýeňiş gazanan Mergen Ataýewiň topary oýna yhlasly başlady. 11-nji we 17-nji minutlarda Rahatmyrat Nepesow iki pökgi geçirdi we toparlar 2:0 hasabynda «Senagatbank» toparynyň peýdasynda arakesmä çykdylar. 26-njy minutda Nepesgeldi Ataýew lideriň artykmaçlygyny üç pökgä çenli artdyrdy. 31-nji minutda Mülkaman Annagulyýew bir pökgi geçirse-de, «Köpetdag» topary ýeňlişden gutulyp bilmedi. 3:1 hasabynda bassyr bäşinji ýeňşini gazanan «Senagatbank» topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynynyň birinji tapgyrynda 15 utuk bilen birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň häzirki dört gezek çempiony «Deňizçi» topary liderden 3 utuk yzda, ol 5-nji tapgyrda TNGIZT-ny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Oýnuň birinji ýarymynda iki tarapam üstünlik gazanyp bilmedi. Ikinji ýarymynda bolsa TNGIZT-nyň futzalçylary Abdylla Nursähedowyň (22-nji minutda) we Kadyr Berenowyň (29-njy minutda) iki pökgüsine Çaryýar Gurbanniýazowyň oýnuň soňky minutynda ýeke takyk urgusy bilen jogap berdiler.

5-nji tapgyryň başga bir oýnunda «Migrasiýa» topary Daşoguzyň «Turan» toparyny 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýeňijilerden Täçmämmet Dynnyýew (6-njy we 18-nji minutlarda) we Ysmaýylmuhammet Öwekow (14-nji we 25-nji minutlarda) iki, Balkan Durdyýew (12-nji minutda) we Ezizmämmet Begmämmedow (37-nji minutda) bir gezek pökgi geçirdiler. Ýeňilenlerden Nurmyrat Baýramdurdyýew (28-nji minutda) abraý pökgüsini saldy.

Bu ýeňişden soň «Migrasiýa» topary 6 utuk toplap, 7 utuk bilen üçünji orunda barýan «Köpetdag» toparyna golaýlaşdy.

Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Naýbaşy futzal ligasynyň indiki, 6-njy tapgyrynda «Turan» – «Deňizçi», TNGIZT – «Köpetdag» we «Senagatbank» – «Migrasiýa» duşuşarlar.

Ýaryşyň günbatar sebitdäki duşuşyklary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» sport toplumynyň zalynda geçirilýär. Bu ýerde 21-23-nji maý aralygynda liganyň 5-7-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary geçiriler. 


Türkmenistanyň Naýbaşy Futzal Ligasy – 2024


I aýlaw


5-nji tapgyryň duşuşyklary: 21.05.2024ý. (sişenbe)

«Senagatbank» – «Köpetdag» –  3:1 (2:0)

[1:0] – 11' Rahatmyrat Nepesow

[2:0] – 17' Rahatmyrat Nepesow

[3:0] – 26' Nepesgeldi Ataýew 

[3:1] – 31' Mülkaman Annagulyýew

Duýduryşlar:

12' Gurbangeldi Sähedow (“Köpetdag”)

16' Allaberdi Meredow (“Köpetdag”)

23' Röwşen Orazmuhammedow (“Senagatbank”)

Duşuşygyň eminleri:

Emin: Timur Ramazanow (Aşgabat ş.)

Ikinji emin: Mekan Toýlyýew (Aşgabat ş.)

Üçünji emin: Döwran Arazgeldiýew (Balkanabat ş.)

Wagta gözegçi emin: Annamämmet Mämmedow (Aşgabat ş.)


TNGIZT – «Deňizçi» – 1:2 (0:0)

[0:1] – 22' Abdylla Nursähedow

[0:2] – 29' Kadyr Berenow

[1:2] – 39' Çayýar Gurbanniýazow

Duýduryş: 23' Kirill Çaryýew ("Deňizçi")

Duşuşygyň eminleri:

Emin: Ýunus Gulemirow (Kaka ş.)

Ikinji emin: Söhbet Çaryýew (Tejen ş.)

Üçünji emin: Annamämmet Mämmedow (Aşgabat ş.)

Wagta gözegçi emin: Merjen Bagşyýewa (Mary ş.)


«Migrasiýa» – «Turan» – 6:1 (4:0)

[1:0] – 6' Täçmämmet Dynnyýew

[2:0] – 12' Balkan Durdyýew

[3:0] – 14' Ysmaýylmuhammet Öwekow

[4:0] – 18' Täçmämmet Dynnyýew

[5:0] – 25' Ysmaýylmuhammet Öwekow

[5:1] – 28' Nurmyrat Baýramdurdyýew

[6:1] – 37' Ezizmämmed Begmämmedow

Duýduryş: 36' Abdylla Gurbannepesow ("Migrasiýa")

Duşuşygyň eminleri:

Emin: Döwran Arazgeldiýew (Balkanabat ş.)

Ikinji emin: Guwanç Amirow (Mary ş.)

Üçünji emin: Mekan Toýlyýew (Aşgabat ş.)

Wagta gözegçi emin: Merjen Bagşyýewa (Mary ş.)


II aýlaw



6-njy tapgyryň duşuşyklary: 22.05.2024ý. (çarşenbe)


11:00 I «Turan» – «Deňizçi»

Duşuşygyň eminleri: 

Emin: Mekan Toýlyýew (Aşgabat ş.) 

Ikinji emin: Söhbet Çaryýew (Tejen ş.)

Üçünji emin: Annamämmet Mämmedow (Aşgabat ş.)

Wagta gözegçi emin: Guwanç Amirow (Mary ş.)


13:00 I TNGIZT – «Köpetdag»

Duşuşygyň eminleri: 

Emin: Timur Ramazanow (Aşgabat ş.)

Ikinji emin: Ýunus Gulemirow (Kaka ş.)

Üçünji emin: Merjen Bagşyýewa (Mary ş.)

Wagta gözegçi emin: Annamämmet Mämmedow (Aşgabat ş.)


15:00 I «Senagatbank» – «Migrasiýa»

Duşuşygyň eminleri:

Emin: Mekan Toýlyýew (Aşgabat ş.) 

Ikinji emin: Döwran Arazgeldiýew (Balkanabat ş.)

Üçünji emin: Guwanç Amirow (Mary ş.)

Wagta gözegçi emin: Merjen Bagşyýewa (Mary ş.)


7-nji tapgyryň duşyşyklary: 23.05.2024ý. (penşenbe)

11:00 | «Migrasiýa» – TNGIZT

13:00 I «Senagatbank» – «Turan»

15:00 I «Köpetdag» – «Deňizçi»


Bellik: Türkmenistanyň Naýbaşy Futzal Ligasynyň 5-6-7-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmemnbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Awaza» sport toplumynyň zalynda geçirilýär.


Ýaryş tablisasy: 21.05.2024ý.

Netijeli futzalçylaryň sanawy: 21.05.2024ý.

Gyzykly duşuşyklara tomaşa etmäge isleg bildirenleriň ählisini futzal ýaryşyna tomaşa etmäge çagyrýarys. 

Ýaryşyň tertibi, täzelikleri, esasy zat bolsa, onlaýn hasaby ilki bilen «Janköýerde»!

Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!


Bellik: Habarda Türkmenistanyň «Türkmenistan: Altyn asyr» (www.turkmenistan.gov.tm) saýtyndan maglumatlar ulanylandyr.