www.jankoyer.com.tm
TÝL. JH: 15-nji tapgyrdan soñ
16.05.2024ý.
Tapgyrdan soň ýaryş tertibindäki özgertme: «Şagadam» utugyny 21-e çykaryp, ýene-de dördünji orna göterildi.
 (1).webp)
Bellik: Ýaryş tablisasynda ikinji orunda «Altyn Asyr», üçünji orunda bolsa «Ahal» görkezilýändir. Iki toparyň hem 28 utugy bar. Ýöne «Altyn Asyr» 13, «Ahal» 14 duşuşyk geçirdi.
Netijeli futbolçylaryň ilkinji bäşligi:
1. Didar Durdyýew, «Arkadag» topary, 15;
2. Altymyrat Annadurdyýew, «Arkadag» topary, 13;
3. Begenç Akmämmedow, «Arkadag» topary, 12;
4. Akmämmet Metdäýew, «Ahal»; Arslanmyrat Amanow, «Arkadag» topary, 7;
5. Myrat Annaýew, Arslan Saparow (ikisi hem «Altyn Asyr»).
Täze golçular: 15-nji tapgyrda «Köpetdagdan» Baýramhan Kadyrow, «Aşgabatdan» Azat Annaýew we «Energetikden» Farid Kemaleddinow şu möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler. Hatda, Farid Kemaleddinow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi. 15-nji tapgyrdan soň möwsümde tapawutalanan futbolçylaryň sany 67-ä çykdy.
Esenow ilkinji ýubileýini tamamlady: «Ahalyň» ýaş ýyldyzy Gurbanmuhammet Esenow tapgyrda Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi. Onuň «Nebitçiniň» derwezesine geçiren ilkinji goly çempionatdaky 10-njy goly hökmünde bellige alyndy. Häzir oýunçynyň hasabynda 11 gol bar. Ol bu netije bilen Ýokary ligada 2013-nji ýyldan bäri iň köp tapawutlanan futbolçylaryň 100-ligine girmäge ýakyn geldi.
Akmämmedow ― ilkinji 10-lukda: Şu tapgyrda «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Ýokary ligadaky 70-nji goluny geçirdi. Onuň «Köpetdagyň» derwezesinden geçiren birinji goly çempionatdaky 70-nji goly boldy. Begenç bolsa şondan soň hem bir gol geçirip, netijesini 71-e çykardy.
Bu netije bilen Begenç Ýokary ligada 2013-nji ýyldan bäri iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda ilkinji 10-luga girmegi başardy.
Şeýlelikde, şol möwsümden bäri ilkinji 10-luk şu görnüşde düzüldi:
1. Didar Durdyýew, 179 gol;
2. Altymyrat Annadurdyýew, 149 gol;
3. Süleýman Muhadow, 135 gol;
4. Myrat Ýagşyýew, 131 gol;
5. Elman Tagaýew, 102 gol;
6. Hemra Amanmämmedow, 93 gol;
7. Guwanç Abylow, 83 gol;
8. Mämmedaly Karadanow, 80 gol;
9. Myrat Annaýew, 72 gol;
10. Begenç Akmämmedow, 71 gol.
Begenç bu gollaryň 11-sini «Altyn Asyrda», 12-sini «Ahalda», 6-syny «Hazynada», 26-syny «Köpetdagda», 16-syny bolsa «Arkadag» toparynda futbol oýnan ýyllarynda geçirdi.
Ýokary liganyň häzirki möwsüminde 12 gezek tapawutlanan Begenjiň iň netijeli futbolçylaryň sanawynda üçünji orny eýeleýändigin i ýatladýarys. Ol möwsümde bir duşuşykda üç, ýene bir duşuşykda iki gezek tapawutlanmagy başardy.
Tapgyr ― ikinji orunda: 15-nji tapgyr geçirilen gollaryň sany boýunça şu ýylky möwsümde ikinji orna çykdy. Tapgyrdaky dört duşuşykda derwezelere 19 gol geçirildi. Bu bolsa möwsümiň iň golly tapgyry bolan 20-nji tapgyrdan bary-ýogy bir gol az diýmekdir.
Dubllaryň tapgyry: Tapgyrda bäş futbolçy bir duşuşykda iki gezek tapawutlanmak, ýagny 2 gol geçirmek başarnygyny görkezdi. Olar «Ahaldan» Gurbanmuhammet Esenow, «Şagadamdan» Mekan Aşyrow, «Arkadag» toparyndan Arslanmyrat Amanow bilen Begenç Akmämmedow we «Altyn asyrdan» Selim Nurmyradowdyr. Bu başarnygy Gurbanmuhammet Esenow bilen Mekan Aşyrow möwsümde ilkinji gezek görkezen bolsa, beýleki üç futbolçy ikinji gezek şeýle üstünlige ýetip bildi. Täsin tarapy, Arslanmyrat Amanow hem, Begenç Akmämmedow hem, Selim Nurmyradow hem mundan ozal 5-nji tapgyrda iki goldan geçiripdiler. Üç futbolçy hem bu üstünligi 10 tapgyrdan soň gaýtaladylar.
Çempion ýubileý goluny geçirdi: Ýokary liganyň 15-nji tapgyryndan soň «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionda geçiren gollarynyň sany 150-ä tegeledi. Topar bu netije bilen çempionatyň taryhynda iň köp gol geçiren toparlaryň arasynda 15-nji orna göterildi. «Arkadag» futbol toparynyň çempionatdaky 100-nji goluny hem şu möwsümde geçirendigini ýatladýarys.
«Köpetdagy» 800-nji gezek Akmämmedow gynandyrdy: Şu tapgyrda Aşgabadyň «Köpetdag» futbol toparynyň derwezesine çempionatda girizilen gollaryň sany 800-e tegelendi. Toparyň derwezesinden 800-nji goly «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Begenç Akmämmedow geçirdi. Şunda çempionatyň ilkinji 15 möwsüminde juda üstünlikli çykyş eden, ady rowaýata öwrülen «Köpetdag» bilen 2016-njy ýylda Ýokary ligada gaýtadan gaýdyp gelen «Köpetdagyň» netijeleri bilelikde hasaplanyldy. «Köpetdag» çempionatyň taryhynda derwezesinden iň köp gol geçirden toparlaryň arasynda ýedinji orny eýeleýär. Öňdäki alty topar 1000-den hem kän gol geçirtdiler. Has takygy, ilkinji alty orun şeýle:
1. «Turan» (käbir ýyllarda «Daşoguz»), 1379 gol;
2. «Merw», 1259 gol;
3. «Şagadam», 1116 gol;
4. «Ahal», 1097 gol;
5. «Nebitçi» (käbir ýyllarda «Balkan»), 1032 gol;
6. «Lebap» (käbir ýyllarda «Bagtyýarlyk-Lebap»), 1026 gol.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


