.jpg)
Lanzini 9, Moura 11 ýyldan soň futbola başlan toparyna dolandy
09.08.2023ý.
“West Ham” toparynyň argentinaly ýarymgoragçysy Manuel Lanzini futbola başlan toparyna gaýdyp geldi. 9 ýyldan ýurduna dolanan 30 ýaşyndaky futbolçy Argentinanyň meşhur toparlaryndan “Riwer Pleýt” bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Lanzini 2014-nji ýylda “Riwer Pleýtden” BAE-niň “Al-Jazira” klubuna 7,5 million ýewro transfer bolupdy. 2015-nji ýylda-da “West Hama” transfer bolan Lanzini londonlylaryň düzüminde 226 oýunda 32 gezek tapawutlandy. Ol 2011-2012-nji ýyllarda “Fluminense” toparynda kärendesine hem oýnapdy.
Londonyň başga bir kluby “Tottenham” toparynyň braziliýaly ýarymgoragçysy Lukas Moura hem edil Manuel Lanzini ýaly 11 ýyldan soň futbola başlan ýerine, “Sao Paulo” toparyna dolandy. 30 ýaşyndaky oýunçy erkin agent ýagdaýynda brazil kluby bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2012-nji ýylyň tomsunda “Sao Paulodan” PSŽ toparyna transfer bolan Lukas Moura parižlileriň düzüminde 229 oýunda 46 gol geçirdi. 2018-nji ýylyň gyşynda “Tottenhamyň” düzümine goşulan Lukas Moura londonlylara 221 oýunda 39 golluk ýardam etdi.