Türkmen futzalçylary Belarusdaky ýaryşda ikinji orny eýelediler

24.04.2024ý.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy düýn Belarus Respublikasynda geçirilen kiçi ýaryşyň çäklerinde Minsk şäheriniň adybir futzal topary bilen duşuşdy. Bu duşuşyk 3:2 hasabynda türkmen futzalçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Paýtagt şäherdäki MAPID sport toplumynda geçirilen duşuşykda türkmen ýygyndysynyň gollaryny Nepesow, Hudaýbergenow we Soltanow geçirdi. Duşuşygyň 35-nji minudynda ýygyndymyz öz derwezesine pökgi geçirip aratapawudy 2 gola düşürdiler. Ýer eýeleriniň ikinji goluny bolsa şondan 2 minut soň Woronin geçirdi. Duşuşykda türkmen ýygyndysynyň «Iň ökde oýunçysy» diýip Şiri Baýramdurdyýew saýlandy.

Şu gün Türkmenistanyň ýygyndysy Belarus Respublikasyndaky kiçi ýaryşdan soň Aşgabada dolanyp geldi. Dört toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda türkmen futzalçylary 6 utuk bilen ikinji orny eýelediler. ​​​