UEFA EL. Yzly-yzyna 4-nji gezek ýarym finalda oýnar

20.04.2024ý.

UEFA Ýewropa Ligasynda çärýek finalda “Milany” 2 ýerde-de ýeňip ýarym finala çykan “Roma” topary Žoze Mourinionyň ornuna bellenen Daniele De Rossiniň tälimçiliginde şowly çykyşyny dowam edýär. Diňe 1 oýunda utulan “Roma” toparynda geljek möwsümde-de De Rossiniň kluba tälim berjekdigi habar berildi.

“Roma” topary UEFA-nyň ýaryşlarynda oýnan soňky 5 çärýek final tapgyrynda ýeňiş gazanan tarap bolup, olar UEFA-nyň ýaryşlarynda bassyr 4-nji möwsüm ýarym finalda çykyş eder. “Roma” topary şu möwsümde toparçada “Slawiýa Pragadan” soň 2-nji ýeri eýeledi. Pleý-off tapgyrynda “Feýenoordy” ýeňen “Roma niderland toparyny bassyr 3-nji möwsümde-de ýeňlişe sezewar etdi. 1/8 finalda “Braýtony” utan “Roma” çärýek finalda “Milany” ýaryşdan çykardy.

Rimliler geçen möwsümde, ýagny 2022/23 möwsüminde toparçada 2-nji orny eýeläp, pleý-offda “Red Bull Salsburgy”, soňra “Real Sosiedady”, çärýek finalda “Feýenoordy”, ýarym finalda-da “Baýeri” ýeňipdi. Finalda bolsa “Sewilýadan” asgyn geldi.

2021/22 möwsüminde UEFA-nyň täze ýaryşynyň ilkinji çempion bolan “Roma” toparçalarda 1 gezek utulup, 1-nji ýeri eýeledi. 1/8 finalda “Witesseni”, çärýek finalda “Bude-Glimt” toparyny ýarym finalda “Lester Sitini” we finalda-da “Feýenoordy” ýeňip, Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň ilkinji çempiony bolupdy.

2020/21 möwsüminde “Roma” topary Ýewropa Ligasynda toparçasynda 1-nji bolup, 1/16 finalda “Bragany”, 1/8 finalda “Şahtýor Doneski”, çärýek finalda-da “Aýaksy” ýaryşdan çykarypdy. Ýarym finalda bolsa “Mançester Ýunaýtedi” geçmek olara başartmandy.

Şeýle-de, Rim şäheriniň wekili ýokarda bellenen çärýek finallaryndan öňem soňky gezek 2017/18 möwsüminde UEFA Çempionlar Ligasynda-da ýarym finala çykypdy. Çärýek finalda “Barselonany” geçen “Roma” ýarym finalda “Liwerpuldan” utulyp, yza gaýdypdy.

Ýene-de “Baýer” bilen duşuşýar

“Roma” toparynyň soňky 4 ýarym final duşuşyklarynyň 2-sinde utulyp, 2-sinde finala çykandygyny belläliň. “Roma” topary şol finalyň 1-inde çempion bolup, 1-inde bolsa penaltileriň netijesinde kubogy elden giderdi. Italiýanyň UEFA-nyň ýaryşlarynda kubok gazanan soňky wekili bolan “Romanyň” ýarym finaldaky indiki garşydaşy geçen ýylyň maýyndan bäri ýeňlişsiz gelýän “Baýer” topary bolar. Iki topar geçen möwsümde-de ýarym finalda duşuşypdylar we şonda ýeňiş italýanlaryň tarapynda bolupdy (1-0, 0-0). Göreliň, bu gezek ýeňiş haýsysyna ýaran bolar. Duşuşyklar 2-nji Rimde we 9-njy maýda Lewerkuzende oýnalar.