Premier League. "Arsenaldyr" "Liwerpulyň" ýeňlişinden soň, "Mançester Siti" 1-nji orna geçdi
15.04.2024ý.
Angliýanyň çempionatynda çempionlyk ýaryşy barha gyzyşyp, sanawyň lideri ýene-de üýtgedi. Soňky çempion «Mançester Sitiniň» 1-nji orna geçen tapgyrynda çempionlygyň beýleki 2 dalaşgäri «Arsenaldyr» «Liwerpul» öz meýdançalarynda garaşylmadyk ýagdaýda ýeňlişe sezewar bolup, uly ýitgä sezewar boldular.
Öz meýdançasynda «Luton Tawny» 5-1 hasabynda ýeňen «Mançester Sitiniň» gollaryny 2-nji minutda Diki Haşioko (ö.d.), 64-nji Mateo Kowaçiç, 76-njy minutda penaltiden Erling Holann, 87-nji minutda Žeremi Doku hem-de 90+3-nji minutda Ýoşko Gwardiol geçirdi.

33-nji tapgyra lider başlan «Arsenal» öz meýdançasynda «Aston Willadan» 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gollary soňky 6 minutda 84-nji minutda Beýli bilen 87-nji minutda Watkins geçirdi. Bu ýeňiş «Aston Willanyň» möwsümdäki 19-njy ýeňşi bolup, ol klubuň taryhynda bir möwsümde 19 ýeňiş gazanan ilkinji tälimçi boldy.
Çempionlygyň başga bir dalaşgäri «Liwerpul» öz meýdançasynda onlarça pursatdan peýdalanyp bilmedik duşuşygynda «Kristal Palasdan» 1-0 hasabynda utuldy. London şäherine wekiline ýeňiş getiren ýeke-täk goly 14-nji minutda Eze derwezä girizdi.
Bu ýeňlişden soň «Arsenalam», «Liwerpulam» 71 utukda galdy. «Mançester Siti» utugyny 73-e çykaryp, sanawyň 1-nji basgançagyna beýgeldi. Toparlaryň 3-siniň hem 6 duşuşygy galyp, «Mançester Sitiniň» bir ädim artykmaçlygy bolup, çempionlyk göreşiniň soňuna çenli dowam etmegine garaşylýar.
4-nji ýer üçin göreşýän «Tottenham» myhmançylykda «Nýukasldan» 4-0 hasabynda ýeňildi. Duşuşykda «Nýukaslyň» gollarynyň 2-sini Aleksander Isak geçirdi.
«Mançester Ýunaýted» myhmançylykda «Bornmut» bilen duşuşyp, 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýer eýelerinden Solanke hme-de Kluiwertiň gollaryna garşylyk Bruno Fernandeşiň 2 goly ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.
London derbisinde «West Ham» öz meýdançasynda «Fulhamdan» 2-0 utuldy. Duşuşykdaky gollaryň ikisini hem Pereýra derwezä girizdi.
Çempionatyň 33-nji tapgyry şu gijeki «Çelsi» – «Ewerton» duşuşygy bilen tamamlanar.
«Nýukasl» – «Tottenham»: 4-0
«Býornli» – «Braýton»: 1-1
«Brentford» – «Şeffild Ýunaýted»: 2-0
«Mançester Siti» – «Luton Tawn»: 5-1
«Nottingam Forest» – «Wulwerhempton»: 2-2
«Bornmut» – «Mançester Ýunaýted»: 2-2
«Arsenal» – «Aston Willa»: 0-2
«Liwerpul» – «Kristal Palas»: 0-1
«West Ham» – «Fulham»: 0-2
«Çelsi» – «Ewerton» (00:00)









Çeşme: SalamNews

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


