Futboly saýlap-seçen gyz
Meni rus gyzynyň türkmen dilinde suwara gürleýşi özüne çekdi. Emma Hazaryň kenaryna sygmaýan tolkunlaryny syrdaş edinen gyz kän bir gürrüňçil däl eken. Şonda-da meniň köpräk pikir alyşmak islegim onuň «asudalygyny» bozdy. Türkmen çagalarynyň arasynda ejesine-kakasyna «mama, papa» diýip ýörenleriň gabat gelýändigi üçin onuň: «Indiki aýda nänem bilen Aşgabada gitjek», «Meni birinji gezek dädem futbola äkitdi» diýen jümleleri has-da özüne kökerdi. Şeýdibem, futboly saýlap-seçen rus gyzy Anna Babakowa bilen tanyşlygymyz başlandy.
Ol bu ýazgylaryň sözbaşysyny okasa, meniň bilen ylalaşmaz. Çünki: «Men futboly däl, futbol meni saýlady» diýip gürrüň berýär. Janköýerleriň, şol sanda futbolçylaryň, hatda tälimçileriň arasynda-da «Anýa» diýseň, aglaba kişiniň tanaýan bu gyzy Türkmenbaşy şäherinde doglupdyr. Bu ýagdaý bolsa onuň haýsy topara janköýerlik etmelidigini kesgitläpdir.
«Şagadam» toparynyň öz meýdançasyndaky oýunlaryndan hemmelerden öň habarly bolýandygymyň sebäbini henizem bilmeýänler bar bolsa, şu pille onuň sebäbi aýan boldy. Oýun başlanar-başlanmaz Anýadan: «Agam, oýun başlady» diýip sms geler. Soňam 90 minutlap gaýybana «söhbetdeşlik» dowam eder. Janköýerlik edýän topary soňky möwsümde kän bir begendirmese-de, ol şatlanmaga pursat tapýar. Hiç bolmasa, komanda bilen bagly ýakymly pursatlary ýatlaýar.
Menem ilki «Anýa» diýdim, soňabaka «gyzym» diýsem has göwnejaý gördüm. Futboly ezizlän gyz ilki gürlemäge göwünjeň bolmasa-da, soňabaka «dillenip» ugrady. Onuň ilkinji gezek stadiona gidişi, «Şagadamyň» tälimçisiniň oňa bu futbol toparynyň eşigini sowgat edişi, köp garaşdyryp kubogy eýelemegi...garaz, Anýa gyzymda aýtmaga zat kän eken. Ine, şuňa meňzeş ýatlamalar onuň bu toparyň iň wepaly janköýeridigini aýtmaga esas berýär.
Gyz maşgala öý-içeriniň işi bilen meşgullanýar diýseň, gulaga ýakymly eşidilýär. Emma stadiona gidip futbol görmek, oýunçylaryň çykyşlaryna baha bermek, toparyň görkezijilerini seljermek sport synçysyna mahsus ýagdaý. Anýa gyzym welin olaryň ikisine-de ýetişýär. Dogry, ol habar ýa syn ýazyp ýörenok, ýöne ýazmaga peýdasy degjek maglumatlary welin näçe diýseň paýlaşyp berýär.
Türkmen dilinde gürleýşini görüp, onuň türkmen gyzydygyna ynanan az däldir. Emma mele saçy egnine düşüp duran gyzyň ak ýüzüne ýaraşyk berýän zülpüni arkasyna atyp, stadionda futbola janköýerlik edişini görenler beýle pikir etmezler. Ol welin doglan we önüp-ösen şäheri bolan Türkmenbaşy hakynda, Hazar deňzi barada her bir sözüne söýgi we buýsanç gatyp gürrüň berer. Ýöne özi bilipmi ýa endikmi, gürrüňiň hörpi ýuwaşlyk bilen futbola syrygar. Ol: «Men futboly saýlamadym, futbol meni saýlady» diýse-de, janköýerlik edişini synlap, kimiň kimi saýlandygyna göz ýetirmek bolýar.
Hojaberdi APBAÝEW,
janköýer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


