Fransiýada "Lion", Germaniýada "Kaizerslautern" kubok ýaryşynyň ilkinji finalçylary boldy

03.04.2024ý.

Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda ilkinji finalçy belli boldy. Ýarym finalda 2-nji liganyň wekili «Walansien» toparyndan 3-0 hasabynda üstün çykan «Lion» kluby 12 ýyldan soň finalda oýnama hukuk gazandy. «Lion» toparyna ýeňiş getiren gollaryň 2-sini 51-nji minutda penaltiden hem-de 57-nji minutda Aleksander Lakazett, şeýle-de 75-nji minutda Emmanuel Orban geçirdi. «Lionyň» finaldaky garşydaşy şu gijeki PSŽ – «Renn» duşuşygyndan soň belli bolar.

107-nji gezek geçirilýän Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda final duşuşygy maý aýynyň ahyrlarynda geçiriler.

«Bawariýa», «Aýntraht», «Borussiýa M» toparlaryny ýeňipdi

Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda-da ilkinji finalçy belli bolup, 2-nji liganyň wekili «Kaizerslautern» topary 21 ýyldan soň finala çykdy. «Kaizerslautern» topary ýarym finalda 3-nji liganyň wekili «Saarbrukken» toparyny Marlon Ritteriň (53) hem-de Almami Tureniň (75) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Soňky gezek 2002/03 möwsüminde finala çykan «Kaizerslautern» topary finalda «Baýer» ýa-da «Fortuna Düsseldorf» topary bilen duşuşar. «Baýer» bilen «Fortuna Düsseldorf» toparynyň arasyndaky ýarym final duşuşygy şu gije oýnalar. Final duşuşygy 25-nji maýda Berlinde geçiriler.

2-nji tapgyrda «Bawariýany», 1/8 finalda «Aýntrahty», çärýek finalda-da «Borussiýa M» toparyny ýaryşdan çykaran 3-nji liganyň wekili «Saarbrukken» toparyna ýarym finaldan geçmek başartmady.

 

Çeşme: SalamNews