Premiership. Iň köp gol geçiren britaniýaly goragçy

03.04.2024ý.

Şotlandiýanyň çempionatynda 1 oýny kem “Seltikden” 1 utuk yzda barýan “Reýnjers” toparynyň sag gyraky goragçysy Jeýms Tawernie köp gol geçirmegi bilen bellidir. Ol çempionatyň geçen tapgyrynda “Reýnjersiň” öz meýdançasynda “Hiberniany” 3-1 hasap bilen ýeňen duşuşygynda 1 goly derwezä girizdi. Bu onuň karýerasyndaky 131-nji goly hökmünde hasaba alyndy. 32 ýaşyndaky angliýaly oýunçy geçiren bu goly bilen Beýik Britaniýanyň rekordyny täzeledi. Ol Grem Aleksanderden öňe saýlanyp, iň köp gol geçiren britaniýaly goragçy bolmagy başardy. Karýerasyna “Nýukaslda” başlan Tawernie 2015-nji ýyldan bäri “Reýnjersde” çykyş edip gelýär. Ol şu wagta çenli Angliýanyň milli ýygyndysynda ýeke duşuşykda-da meýdança çykmady.

 

Çeşme: Zaman-Türkmenistan