Trendyol Süper Lig. Bir möwsümlik düzgün güýjüni ýitirýär

03.04.2024ý.

Türkiýäniň Futbol federasiýasy ýurduň çempionatynyň geljek möwsüminden başlap, azerbaýjanly, gazagystanly, gyrgyzystanly, özbegistanly we türkmenistanly futbolçylaryň ýene-de daşary ýurtly oýunçy hasaplanyljakdygyny mälim etdi.
Häzirki dowam edýän möwsümde şu türki döwletlerden bolan futbolçylar ýerli oýunçy statusynda oýnap bilýärler. Şeýle bolansoň, «Beşiktaş», «Fatih Karagümrük», «Hataýspor» ýaly türk Superligasynyň käbir toparlary düzüminde türki döwletlerden bolan oýunçylary oýnadyp gelýärler.