www.instagram.com/arkadagfk

TÝL. Bassyr 4 duşuşykda 6 gol

03.04.2024ý.

«Arkadag» futbol toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew Ýokary liganyň şu möwsüminde yzygiderli tapawutlanyp gelýän duşuşyklarynyň hataryny dörde çykardy.

Çempionatyň şu möwsüminde toparynyň geçiren ähli duşuşyklarynda tapawutlanan Altymyrat bu duşuşyklarda garşydaş derwezelere 6 gol geçirdi. Bu netije bilen ol Ýokary liga 2024-iň iň netijeli futbolçylarynyň başyny ynam bilen çekýär.

5-nji tapgyrdaky dubly Altymyrat Annadurdyýewe ýene bir üstünligi bagyşlady. Şu duşuşykdan soň Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 142-ä çykaran hüjümçi milli çempionatymyzda 2013-nji ýyldan bäri iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orna göterildi. Ýöne häzir ol bu orny Süleýman Muhadow bilen paýlaşýar. Ýene ýekeje gol geçirse, Altymyrat ikinji ornuň ýeke-täk eýesi bolar.

Altymyrat Annadurdyýew karýerasynda iki gezek möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, sanawda birinji orny eýeleýän Didar Durdyýew ýokarda görkezilen möwsümden bäri 166 gezek tapawutlandy.