Transfermarkt: Dünýäniň iň gymmat 10 ýarymgoragçysy

02.04.2024ý.

Transfermarkt internet portaly häzirki wagtda dünýäde iň gymmat 10 ýarymgoragçynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Madridiň “Realynyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingem eýeledi. Onuň transfer bahasy 180 mln ýewro bilen bahalandyrylýar diýip, championat.com belleýär.

Ikinji orundan bäşinji orun aralygynda “Baýeriň” hüjümçi ýarymgoragçysy Florian Wirs, “Bawariýanyň” oýunçysy Jamal Musiala, “Arsenalyň” oýunçysy Deklan Raýs we “Mançester Sitiniň” merkezi ýarymgoragçysy Rodri ýerleşdi. Oýunçylaryň transfer bahalary birmeňzeş bolup, 110 mln ýewro barabar.

Reýting doly görnüşde şeýle:

1. Jud Bellingem (“Real”, 180 mln ýewro);

2. Florian Wirs (“Baýer”, 110 mln ýewro);

3. Jamal Musiala (“Bawariýa”, 110 mln ýewro);

4. Deklan Raýs (“Arsenal”, 110 mln ýewro);

5. Rodri (“Mançester Siti”, 110 mln ýewro);

6. Federiko Walwerde (“Real”, 100 mln ýewro);

7. Martin Edegor (“Arsenal”, 95 mln ýewro);

8. Gawi (“Barselona”, 90 mln ýewro);

9. Eduardu Kamawinga (“Real”, 90 mln ýewro);

10. Orelýen Tçuameni (“Real”, 90 mln ýewro).

 

Çeşme: TmCars​​​