Janköýerler kluby satyn almak isleýärler

02.04.2024ý.

Angliýanyň Sebitleýin ligasynyň Günorta zolagyndaky “Torku Ýunaýted” topary häzirki wagtda ykdysady babatda agyr günleri başdan geçirýär. Şol sebäpli-de toparyň eýesi Klark Ozbornyň goldaw berip bilmejekdigini mälim etmeginden soň klubuň 10 utugy aýryldy.

Klubuň janköýerler topary “Torquay United Supporters Trust” bolsa, ýagdaý hasam çylşyrymlaşmazdan, kluby satyn almak isleýändiklerini mälim etdi. Bu mesele boýunça ilkinji nobatda kluba şärik bolmak üçin degişli ýerlere ýüz tutuldy. Tarapdarlar bada-bat klubuň belli bir bölüminiň janköýerleriň ygtyýarynda bolmagyny isleýändiklerini, täze möwsümden başlabam bolsa paýnamanyň deň ýarysyna eýeçilik etmek isleýändiklerini beýan etdiler. Berlen beýanatda, soňlugy bilen, klubuň dolandyryş ulgamynyň tutuşlygyna janköýerlere geçirilmegini maksat edýändikleri bellenilýär.

Klubuň maliýe babatdaky kynçylyklaryny azaltmak üçin tarapdarlar ilkinji nobatda 150 müň funt sterling puly jemlemeli bolarlar.