www.jankoyer.com.tm

"Altyn Täç" halkara ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy

02.04.2024ý.

Aşgabat şäheriniň «Altyn Täç» futbol topary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Do’stlik ― Nowruz Cup 2024» halkara ýaryşynyň bürünç medalyna eýe boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň «Ýolbars» lakamly «Altyn Täç» çagalar futbol klubynyň dürli ýaş derejelerindäki toparlary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Do’stlik ― Nowruz Cup 2024» halkara ýaryşyna gatnaşdylar.

Şunda 2012-nji ýylda doglan futbolçylaryň has tapawutly çykyş edendigini aýtmak gerek. Olar öz ýaşytdaşlarynyň arasynda "Altyn ligada" ýaryşdylar. Bu ýaş derejesindäki ýaryşa jemi 20 topar gatnaşdy. Olar öz aralarynda 5 toparça bölündiler. Aşgabatly futbolçylar Sidorow Alekdandr Sergeýewiçiň baş tälimçiliginde halkara ýaryşda güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, ýaryşy bürünç medal bilen tamamladylar. Toparçalaýyn tapgyrdan üstünlikli çykan «Altyn Täç» pleý-offlarda hem mynasyp oýny orta goýdy. Topar diňe ýarym finalda «Bunýodkor» toparyndan utuldy. 

Aşgabat şäheriniň "Altyn Täç" futbol klubynyň futbolçysy Klyçýew Dawutgeldi "Altyn Täç" toparynyň "Iň ökde futbolçysy" adyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Bu ýaş toparynda Gazagystanyň "Kaýrat" toparynyň çagalar düzümi çempion boldy. Ikinji orny bolsa Özbegistanyň "Bunýadkorynyň" çagalary eýeledi.
Türkmenistandan baran toparyň şeýle abraýly ýaryşda öňdäki orunlaryň birini eýelemegi ýurdumyzda futboluň ösdürilmegine berilýän uly ünsden nyşandyr. 

«Do’stlik ― Nowruz Cup 2024» halkara ýaryşy «Altyn Täç» futbol kluby üçin geljegi bolan ýetginjekler üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy.

«Janköýer» «Altyn Täç» futbol toparynyň ýaşajyk futbolçylaryny gazanylan bu ajaýyp üstünlik bilen gyzgyn gutlaýar hem-de geljekde has ajaýyp pursatlar arzuw edýär!