Transfermarkt. Endrikiň bazar bahasy ýokarlandyryldy
29.03.2024ý.
"Transfermarkt" internet portaly, Braziliýanyň Serie A ligasyndaky oýunçylaryň gymmatlyklarynyň ýene bir täzelenmesini amala aşyrdy, şondan soň «Palmeirasyň» 17 ýaşly hüjümçisi Endrikiň bazar bahasy 10 million ýewro ýokarlandy we häzirki wagtda 55 million ýewro bardy.

Ýeri gelende bellesek, ol Braziliýanyň ligasynda iň gymmat oýunçydyr. 17 ýaşly futbolçynyň häzirki wagtda Braziliýanyň «Palmeiras» toparynyň oýunçysydygyny, ýöne şu tomus «Real Madride» geçjekdigini ýatladýarys. Häzirki möwsüm, Endrik Braziliýaly toparyň düzüminde ähli ýaryşlarda alty oýuna gatnaşdy, bu oýunlarda bir gol geçirdi we bir asist bermegi başardy. Häzirki mart aýynda ýaş hüjümçi Braziliýa milli ýygyndynyň düzüminde ilkinji 49 minutda iki gol geçirip, milli ýygyndysynyň taryhynda täze rekordyny goýdy. Endrik, 26-njy martda Ispaniýanyň milli ýygyndysyna garşy oýunda ätiýaçdan meýdança girenden 4 minut soňra gol (3:3) geçirdi. Ondan öňki Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen Angliýanyň milli ýygyndysynyň arasyndaky geçirilen oýunda bolsa, Endrik ätiýaçdan meýdança girip oýunyň ýeňiş goluny (1:0) tora girizdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


