Hwiça we ýoldaşlary üçin taryhy duşuşyk

 

26.03.2024ý.

Şu gün gruzin futboly üçin taryhy gün bolup, olar taryhy başarnygyň bosagasynda durlar. Başgaça aýdylanda, Hwiça Kwaresheliýa hem-de ýoldaşlary  EURO 2024-e 1 oýun uzaklykda bolup, Gruziýanyň ýygyndysy pleý-off «C» geçelgesiniň finalynda Gresiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Tbilisidäki Boris Paiçadzeniň adyny göterýän Dinamo Arenada oýnaljak duşuşyk Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlanar. Duşuşyga polşaly Simon Marçiniak eminlik eder. Gruziýanyň ýygyndysy duşuşykda ýeňiş gazansa, onda olar üçin taryhy waka bolar. Olar taryhda ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda çykyş ederler.

Gresiýanyň ýygyndysy ýeňiş gazansa, onda olar 5-nji gezek yklym ýaryşynda özlerini görkezerler. 2004-nji ýylda garaşylmadyk ýagdaýda taryhy çempionlyk gazanan grekler 1980-nji, 2004-nji, 2008-nji hem-de 2012-nji ýyllarda Ýewropa çempionatyna gatnaşdylar.

Gruziýa bilen Gresiýanyň ýygyndylary 10-njy gezek duşuşarlar. Mundan öňki 9 oýunda gruzinleriň ýeke ýeňşi hem ýok. Gresiýa 7 oýunda ýeňiş gazanyp, 2 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Gruzinleriň 6 goluna grekler 17 gol bilen jogap berdi.

Ýeňiş gazanan topary EURO 2024-de «F» toparça düşer we Portugaliýadyr Türkiýäniň hem-de Çehiýanyň ýygyndylarynyň garşydaşy bolar.

Şeýle-de, pleý-off tapgyrynyň «A» hem-de «B» geçelgelerinde-de final duşuşyklary geçiriler. Aşgabat wagty bilen 00:45-de başlanjak oýunlarda Uels öz meýdançasynda, Polşany, Ukraina bolsa Wroslawda Islandiýany kabul eder. Uels ýa-da Polşa EURO 2024-de «D» toparça (Niderlandlar, Fransiýa, Awstriýa), Ukraina ýa-da Islandiýa bolsa «E» toparça (Belgiýa, Rumyniýa, Slowakiýa) düşer.

 

Çeşme: SalamNews