
Ronaldu, Figo, Iniesta, Hakimi dagy Dünýä Kubogy 2030-yň ilçileri diýlip yglan edildi
21.03.2024ý.
Futbol boýunça 2030-njy ýylda geçiriljek FIFA Dünýä Kubogynyň ilçileri mälim edildi.
6 döwletde geçiriljek ýaryş üçin şol ýurtlaryň meşhur futbolçylarynyň käbirlerini çempionatyň ilçileri hökmünde bellenildi. Kristianu Ronaldu (Portugaliýa), Luis Figo (Portugaliýa), Andres Iniesta (Ispaniýa), Alwaro Morata (Ispaniýa), Aşraf Hakimi (Marokko), Ýasin Bunu (Portugaliýa), Nureddin Naýbet (Marokko), Emmanuel Adebaýor (Togo) şol sanda zenan futbolçylardan Doloreş Silwa (Portugaliýa) bilen Iren Parades (Ispaniýa) dagy çempionatyň ilçileri diýlip mälim edildi.
Mälim bolşy ýaly, çempionat Ispaniýadyr Portugaliýada hem-de Marokkoda, şol sanda 3 duşuşyk hem Günorta Amerika ýurtlary – Urugwaýdyr Argentinada we Paragwaýda geçiriler. Çempionatyň açylyş duşuşygy Urugwaýda, Argentinadyr Paragwaý hem toparçalaryndaky ilkinji duşuşyklaryny öz ýurtlarynda geçirerler. Çempionatyň çägindäki galan duşuşyklar bolsa Ispaniýadyr Portugaliýa hem-de Marokkoda oýnalar.
Çeşme: SalamNews