www.jankoyer.com.tm

TÝL. "Şagadamda" täze baş tälimçi işe başlady

02.03.2024ý.

Türkmen futbolynyň ady rowaýata öwrülen wekilleriniň biri Ýewgeniý Tkaçenko Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada TFF-niň metbugat gullugy habar berýär.

6-njy martda 39 ýaşyny doldurjak hünärmen futbol ýoluna 2003-nji ýylda Marynyň «Merwinde» girişipdi. 2004-nji, 2010-nji, 2011-nji we 2012-nji ýyllarda «Nebitçi» bilen Türkmenistanyň çempiony bolan futbolçy 2013-nji ýylda bu toparyň düzüminde AFK-nyň prezidentiniň kubogyny hem gazanypdy.

Ýewgeniý Tkaçenko futbol ýoluny 2020-nji ýylda «Şagadamda» ýapdy. Indi bolsa ol bu topara tälim berer. Geçen ýyl «Şagadamyň» ýaş tälimçileriň ýene biri Azat Garajaýewiň ýolbaşçylygynda ýaryşlara gatnaşandygyny ýatladýarys.