MLS. Messi resmi oýunlarda yzly-yzyna 20 ýyl gol geçirip gelýär
26.02.2024ý.
«Inter Maýami» we Argentinanyň hüjümçisi Lionel Messi, resmi oýunlarda yzly-yzyna 20 ýyl gol geçirdi diýip, "Sport Center" X sosial ulgamynda (öňki Twitter) habar berýär.
Argentinaly hüjümçi ilkinji goluny 2005-nji ýylyň 1-nji maýynda 17 ýaşynda tora girizdi. Şol wagt futbolçy «Barselonanyň» düzüminde, La Ligada «Albasete» (2:0) bilen oýunda tapawutlandy. Belläp geçsek, düýn, 26-njy fewralda «Inter Maýami» bilen «Los Anjeles Geleksy» (1:1) toparlaryň arasynda geçirilen oýunda, Jordi Albanyň beren pasy bilen Messiniň geçiren goly toparyny ýeňilmekden saklady. Bu gol Messi üçin, häzirki möwsüm MLS ligasynda birinji goly boldy. Onuň hasabynda häzirki wagt 1 gol we 1 asist bar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
