Serie A. “Roma” Belottini ugratdy, 2 oýunçyny-da düzümine goşdy

01.02.2024ý.

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň öňdebaryjy klublaryndan “Roma” hüjümçisi Andrea Belottini “Fiorentina” toparyna ugratdy. Tejribeli hüjümçi florensiýalylaryň düzüminde möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnady. Belotti rimlileriň düzüminde 45 oýunda 3 gol geçirdi.

Şeýle-de, “Roma” topary “Galatasaraýdan” ispaniýaly çep gyraky goragçy Anheliniony transfer edip, onuň bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine şertnama baglaşdy. Möwsümiň ahyrynda “Roma” islän ýagdaýynda Anheliniony 6 million ýewro berip, ymykly transfer hem edip biler.

“Roma” topary ýurduň başga bir kluby “Empoliden” hawbek Tommazi Baldanzini hem düzümine goşdy. 20 ýaşyndaky oýunçynyň transferi öňümizdäki sagatlarda resmi ýagdaýda mälim ediler. “Roma” topary italiýaly ýarymgoragçy üçin “Empoli” toparyna 10+5 million ýewro tölär.