Premier League. 22-nji tapgyrda "Liwerpul" "Çelsini", "Aston Willa" "Nýukasly" kabul eder

30.01.2024ý.

Angliýanyň çempionaty «Premier Ligada» ençeme wagtdan soň duşuşyklar adaty ýagdaýda geçiriler. Ýagny mundan öňki tapgyrlaryň oýunlary bölekleýin görnüşde oýnalypdy we Liga Kubogy, FA Kubogy, şol sanda Afrikadyr Aziýanyň çempionatlary sebäpli oýunlara özboluşly arakesme berlipdi.

Şu gün başlanjak 22-nji tapgyrda hemmäniň garaşýan «Liwerpul» – «Çelsi» duşuşygy hem oýnalar. Duşuşyklar 3 günüň dowamynda oýnalyp, olaryň ählisi hem ýarygijeden soň guralar.

Tapgyryň ilkinji oýny «Nottingam Forest» bilen «Arsenalyň» arasyndaky duşuşyk bolup, şu gije 00:30-da badalga alar. Şu gijäniň ýene bir esasy duşuşygy hem «Aston Willa» bilen «Nýukaslyň» arasyndaky oýun bolup, onuň başlanýan wagty 01:15-dir.

Çarşenbe gününde, ýagny ýanwar aýynyň iň soňky günündäki duşuşyklardan iň esasysy «Liwerpul» bilen «Çelsiniň» oýny bolar. Bu duşuşyk 01:15-de başlar. Bu duşuşykdan öň başlanjak oýunlarda bolsa London derbisinde «Tottenham» öz meýdançasynda «Brentfordy» kabul eder. Halypa bilen şägirdiň özara duşuşygynda 2 liganyň çempionlary – «Mançester Siti» bilen «Býornli» toparlary duşuşarlar. 2 duşuşyk hem 00:30-da başlanar.

Penşenbe gününde-de 2 duşuşyk oýnalar. «Mançester Ýunaýted» myhmançylykda «Wulwerhempton» bilen duşuşar.

30-njy ýanwar (sişenbe)

«Nottingam Forest» – «Arsenal» (00:30)

«Luton Tawn» – «Braýton» (00:45)

«Fulham» – «Ewerton» (00:45)

«Kristal Palas» – «Şeffild Ýunaýted» (01:00)

«Aston Willa» – «Nýukasl» (01:15)

31-nji ýanwar (çarenbe)

«Tottenham» – «Brentford» (00:30)

«Mançester Siti» – «Býornli» (00:30)

«Liwerpul» – «Çelsi» (01:15)

1-nji fewral (penşenbe)

«West Ham» – «Bornmut» (00:30)

«Wulwerhempton» – «Mançester Ýunaýted» (01:15)

 

Çeşme: SalamNews