www.jankoyer.com.tm

TÝL. Ýoldaşlyk duşuşygy: "Altyn Asyr" – "Aşgabat"

27.01.2024ý.

Şu gün Aşgabat şäherinde Ýokary liganyň iki wekiliniň – «Altyn Asyr» we «Aşgabat» futbol toparlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk «Aşgabadyň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýoldaşlyk duşuşygynda hasaby ilki bilen paýtagtyň adybir topary açdy. Geçen möwsümiň ýyldyzlarynyň biri Hojanazar Gurbanow «Aşgabady» hasapda öňe çykardy. Hasap heniz 0:1-ka, «Altyn Asyryň» hüjümçisi Rahman Myratberdiýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmändigini hem aýtmak gerek. Onuň urgusy derwezeden ýokary gitdi. Arakesmeden soňra «Altyn Asyr» Ýakupberdi Baýramgeldiýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. Şondan soň «Aşgabatdan» Nurmyrat Rozyýew «aragatnaşykçylaryň» derwezesinden ýene iki pökgi geçirdi.

Ýeri gelende aýtsak, geçen möwsümde «Altyn Asyryň» düzüminde çykyş eden Nurmyrat Rozyýew, Azat Annaýew, Oraz Orazow we Didar Didarow dagylar häzirki wagtda paýtagtyň «Aşgabat» futbol toparynyň düzüminde türgenleşýärler.

Ýoldaşlyk duşuşygy. 27.01.2024 ý.

«Altyn Asyr» – «Aşgabat» – 1:3

0:1 – Hojanazar Gurbanow;

1:1 – Ýakupgeldi Baýramgeldiýew;

1:2 – Nurmyrat Rozyýew;

1:3 – Nurmyrat Rozyýew.

Bellik: hasap 0:1 wagtynda «Altyn Asyryň» futbolçysy Rahman Myratberdiýew 11 penalti geçirip bilmedi (ýokary).