https://t.me/fc_ahal

TÝL. Transfer: "Ahal" ýene iki oýunçyny düzümine goşdy we beýleki transfer habarlary...

13.01.2024ý.

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary «Telegram» (https://t.me/fc_ahal) jemgyýetçilik torundaky resmi hasabynda ýene iki futbolçyny düzümine goşandygyny habar berdi.

Hasapda ýazylyşy ýaly, topar «Köpetdagdan» Ilýas Çaryýew we «Nebitçiden» Akmämmet Metdäýew bilen şertnama baglaşdy. Akmämmet Metdäýewiň çempionaty bürünç medal bilen tamamlan «Nebitçiniň» düzüminde geçen ýyl iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orny eýeländigini ýatladýarys. Ol çempionatda jemi 6 gezek tapawutlandy. Mundan ozal «Ahalyň» Igor Sekow bilen Azizbek Bekçanowy hem düzüme goşandygyny habar beripdik.

Şeýle hem resmi däl maglumatlara görä, Ýokary liganyň toparlary käbir futbolçylary gözden geçirýärler. Türkmen futbolçylarynyň käbiri bolsa şu günler daşary ýurt toparlarynda synagdan geçýärler. Bu maglumatlary aşakda ýerleşdirýäris:

«Arkadag» FK: Şamämmet Hydyrow (Köpetdag FK) Enwer Annaýew (Altyn Asyr FK)

«Altyn Asyr» FK: Şöhrat Söýünow (Ahal FK)

«Nebitçi» FK: Dayanç Nuryýew, Aşyr Jumadurdyýew (ikisem Energetik FK) «Bäşim Gurbanberdiýew» (Aşgabat FK)

«Ahal» FK: Ýagşysähet Döwletgeldiýew (Merw FK)

«Aşgabat» FK: Oraz Orazow, Azat Annaýew (ikisem Altyn Asyr FK), Atageldi Geldiýew, Azat Hojamuhammedow (ikisem Ahal FK)

«Merw» FK: Söhbet Allanurow (Aşgabat FK), Serdar Annamämmedow (Energetik FK), Futkat Tursunow (Ahal FK), Farhad Italmazow (Şagadam FK)

«Rawşan» FK (Täjigistan): Musa Nurnazarow (Merw FK)

«Abdyş-Ata» FK (Gyrgyzystan): Süleýman Muhadow (Dordoý FK)