Ronaldu Dubaýdan göçme mülk satyn aldy
06.01.2024ý.
«Al-Nassryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Birleşen Arap Emirliklerinden özüne göçme mülk satyn aldy. Bu mülk Dubaý şäherindäki «Milliarderler adasynda» ýerleşýär.
Ozaldan işlenip taýýarlanylan düzgünnama laýyklykda, bu mülk öňümizdäki bir ýylyň dowamynda portugaliýaly hüjümçä degişli bolar. Onuň bahasy mälim edilmedi, ýöne onlarça million ýero bahasynyň bardygyny çaklamak kyn däl.


Häzirki wagtda futbol ýoluny Saud Arabystanynda dowam etdirýän Ronaldu dünýäniň iň köp hak tölenilýän futbolçysydyr.

Çeşme: TurkmenPortal

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


