www.jankoyer.com.tm

TB. Jemleýji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

26.12.2023ý.

Şu gün – 2023-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň jemleýji 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Geçirilen duşuşyklarda “Nebitçi II” topary bilen “Şagadam II” topary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Ahal II” myhmançylykda “Altyn Asyr II” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

TB. 27-nji tapgyryň duşuşyklary:

26.12.2023 (sişenbe)

“Altyn Asyr II” – “Ahal II” – 0:1

[0:1] – 53' Orazaly Begnazarow

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Başlanan wagty: 14:00

“Nebitçi II” – “Şagadam II" – 0:0

Geçirilen ýeri: Balkanabat şäheriniň "10 müň orunlyk” köpugurly stadiony

Başlanan wagty: 14:30

Şeýlelikde, birinjiligiň jemi boýunça “Altyn Asyr II” topary bassyr bäşinji gezek çempionlyk derejesini gazandy. Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Ahal II” bilen “Aşgabat II” toparlary ornaşdylar. 

Geçirilen duşuşyklaryň yzysüresi paýtagtymyzdaky “Sport toplumy” stadionynda ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy bolup geçdi.

3-nji orun: "Aşgabat" futbol toparynyň ýaşlar düzümi ("Aşgabat II")

2-nji orun: "Ahal" futbol toparynyň ýaşlar düzümi ("Ahal II")

Çempion: "Altyn Asyr" futbol toparynyň ýaşlar düzümi ("Altyn Asyr II")

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen sylag gowşurylyş dabarasynda birinjiligiň jemi boýunça ilkinji üç orny eýelän toparlara baýraklary TFF-niň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Berdimyrat Nurmyradow gowşurdy.

 

* Habarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi internet (www.tff.com.tm) saýtyndan maglumatlar ulanylandyr.