.png)
«Ahal» türgenleşiklere girişdi
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň häzirki çempiony «Ahal» topary uly bolmadyk arakesmeden soňra türgenleşiklere başlady.
Futbolçylaryň arasynda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ozalky çempiony derwezeçi Rahat Japarow hem bar. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.
Rahat Japarowyň 2021-nji ýylda Duşenbäniň SSKA-synyň, 2022-nji ýylda bolsa Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparynynyň düzüminde çempion bolandygyny we şol ýyllarda wekilçilik eden çempionatlarynyň iň gowy derwezeçisi hökmünde ykrar edilendigini ýatladýarys.
Türgenleşiklerde Rahat Japarow bilen birlikde topara täze goşulan futboçylaryň ýene-de ýedisi göze ilýär. Olar Möwlamberdi Goşşanow, Ýazgylyç Gurbanow, Alibek Abdyrahmanow, Ýakup Maksadow, Döwletýar Berdiýew, Ruslan Priýew we Salim Umarowdyr.
Täze futbolçylar topara AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/2024-nji ýyllardaky möwsüminde üstünlikli çykyş etmäge ýardam bererler.