
TB. Zenanlar: "Altyn täç" topary Türkmenistanyň çempiony
22.12.2023ý.
Futbol boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi bolan “Altyn täç” toparyna çempionlyk Kubogy bilen medal gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferens-zalynda geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda ýeňiji bolan topara baýraklary TFF-niň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Berdimyrat Nurmyradow gowşurdy.
Ýeri gelende bellesek, zenan futbolçylaryň gatnaşmagynda geçirilen ýurdumyzyň birinjiligine toparlaryň 8-si gatnaşdy (“Altyn-täç”, “Aşgabat”, “Büzmeýin” – hemmesi Aşgabat ş.; “Margiana” – Mary welaýaty; “Miras” – Lebap welaýaty; “Balkan” – Balkan welaýaty; “Gürgenç” – Daşoguz welaýaty; “Ahal” – Ahal welaýaty).
Ýeňijisi bir aýlawdan ybarat bolan bäsleşigiň netijesinde belli bolan birinjiligiň jemi boýunça Kamil Mingazowyň tälim berýän “Altyn täç” topary birinji orny eýeledi. Geçirilen fuşuşyklarda netijeli çykyş eden Mary welaýatynyň “Margiana” topary ikinji, Lebap welaýatynyň “Miras” topary bolsa üçünji orunlary eýelediler.