www.jankoyer.com.tm
ÝL. 25-nji we 26-njy tapgyrlaryň duşuşyklary geçirildi
20.12.2023ý.
Şu gün ýagny, 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-sine Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji we 26-njy tapgyrlarynyň wagty süýşirilen “Şagadam” – “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” – “Arkadag” duşuşyklary geçirildi.
«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda 26-njy tapgyryň ozal başga senä geçirilen myhmançylykdaky oýnunda Aşgabadyň «Köpetdagyny» 3:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň çempionatynda çykyşlaryny doly netije bilen tamamladylar. Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.
Milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň tamamlanmagyna çenli dört tapgyr galanda ýurdumyzyň çempiony bolan «Arkadag» topary üçin bu oýnuň netijesiniň hiç hili täsiri ýokdy, ýöne «Köpetdag» ýeňiş gazanan ýagdaýynda 5-nji orundan «Aşgabat» toparyny yza süýşürip biljekdi.
Emma, beýle ýagdaý bolmady. Duşuşygyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda çözüldi, şonda «Köpetdagyň» derwezesine iki pökgi salyndy. 31-nji we 39-njy minutlarda Altymyrat Annadurdyýew tora iki pökgi geçirip tapawutlandy. 50-nji minutda Mekan Saparow üçünji pökgini derwezä salyp, gutarnykly hasaby belli etdi.
Şeýlelikde, milli birinjilik ugrundaky ýaryşda ilkinji gezek çykyş eden döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik eden topar 24 duşuşykda hiç hili utuk ýitirmän, çempionatda çykyşyny tamamlady. Topar ähli duşuşyklarynyň netijeleri boýunça 72 utuk toplady, şunda pökgüleriň tapawudy 83-17 boldy. Toparyň derwezä iň köp pökgi geçiren oýunçysy 27 gol bilen tapawutlanan Didar Durdyýew hasaba alyndy.
Bu oýun bilen ugurdaşlykda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen 25-nji tapgyryň duşuşygynda özüne kümüş medaly üpjün eden paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary goşmaça wagtda «Şagadamdan» 2:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. Oýnuň birinji ýarymyna goşulan üçünji minutda myhmanlaryň hüjümçisi Wahit Orazsähedow hasaby açdy. 57-nji minutda Yhlas Magtymow hasaby deňledi – 1:1. 95-nji minutda bolsa Wahit Orazsähedow ikinji pökgini tora geçirip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyna ýeňiş getirdi.
«Altyn asyrda» bu oýundan soň 50 utuk bar. Ýaryş tertipnamasynda 8-nji orunda barýan «Şagadam» toparynyň bolsa 14 utugy bar.
Bürünç medallaryň ykbaly Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen ondan iki utuk yzda barýan «Ahal» toparynyň arasynda çözüler. Çempionat tamamlanýança bu toparlaryň ikisiniň-de iki oýny galdy: «Nebitçi» öz meýdançasynda Marynyň «Energetigi» we Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen duşuşar, «Ahal» bolsa myhmançylykda «Altyn Asyryň» hem-de «Şagadamyň» garşysyna çykyş eder.
ÝL. 25-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
20.12.2023 ý. (çarşenbe)
“Şagadam” – “Altyn Asyr” – 1:2
[0:1] – 45'+2 Wahyt Orazsähedow
[1:1] – 57' Yhlas Magtymow
[1:2] – 90'+5 Wahyt Orazsähedow
Duýduryşlar:
34' Ahmet Ataýew ("Altyn Asyr")
45'+2 Ýunus Orazmämmedow ("Şagadam")
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Başlanan wagty: 15:00
Duşuşygyň emini: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ihlas Kurambaýew (Daşoguz ş.), Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Aýmyrat Weliýew (Änew ş.)
Gözegçi emin: Şöhrat Durdyýew (Aşgabat ş.)
ÝL. 26-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
20.12.2023 ý. (çarşenbe)
“Köpetdag” – “Arkadag” – 0:3
[0:1] – 30' Altymyrat Annadurdyýew
[0:2] – 39' Altymyrat Annadurdyýew
[0:3] – 53' Mekan Saparow
Duýduryşlar:
37' Güýçmyrat Annagulyýew (“Arkadag”)
55' Süleýman Mirzoýew (“Köpetdag”)
87' Berdimyrat Rejepow (“Arkadag”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanan wagty: 14:00
Duşuşygyň emini: Ruslan Ereşow (Türkmenabat ş.)
Kömekçi eminler: Myrat Nurberdiýew, Mergen Allaberdiýew (ikisem Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Halmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat ş.)
Şeýlelikde geçirilen duşuşyklardan soň wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazanan “Arkadag” topary 24 oýundan 72 utuk toplady. Bassyr ikinji ýyl wise-çempionlygyny gazanan "Altyn Asyr" topary 22 oýundan 50 utuk toplady. 22 oýun geçiren "Nebitçi" (37 utuk) we "Ahal" (35 utuk) toparlary bürünç medala dalaş edýärler.

"Altyn Asyr" futbol toparynyň 22 ýaşly hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Ýokary liganyň şu möwsüminde 12 gezek tapawutlanyp bilen 2-nji futbolçy boldy. Ol 25-nji tapgyryñ wagty süýşirilen duşuşygynda «Şagadamyñ» derwezesinden 2 gol geçirip, möwsümdäki gollarynyň sanyny 12-ä çykardy.
Ýeri gelende aýtsak, çempionatyň şu möwsüminde henize çenli 10-dan köp gol geçirip bilen 3 futbolçy bar. Olar «Arkadag» toparyndan Didar Durdyýew (27), «Altyn asyrdan» Wahyt Orazsähedowdyr (12) bilen Myrat Annaýew (11).

* Habarda Türkmenistanyň «Türkmenistan: Altyn asyr» (www.turkmenistan.gov.tm) saýtyndan maglumatlar ulanylandyr.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


