www.jankoyer.com.tm

ÝL. 24-nji we 27-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary geçirildi

 

07.12.2023ý.

Şu gün ýagny, 2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň duşuşyklary hem-de 27-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi.

Tapgyryň Mary şäherinde "Energetik" bilen "Şagadamyň" arasynda geçirilen tutluşykda hasap açylmady – 0:0.

Kümüş medalyň dalaşgärleri bolan "Altyn Asyr" öz meýdanynda "Nebitçini" kabul etdi. 12-nji minutda Magtymberdi Berenow bilen "nebitçiler" öňe saýlansa-da arakesmä 7 minut galanda ýagny, 38-nji minutda Hoşgeldi Hojowow jerime urgudan hasaby deňledi – 1:1. 2-nji ýarymyň başynda, 54-nji minutda Röwşengeldi Halmämmedowyň goly bilen ýer eýeleri 2:1 hasabynda öňe geçmegi başardy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri şol hasap bilen hem ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, "Altyn Asyr" topary wagtyndan öň kümüş medal almagy kepillendirdi.

Çempion "Arkadag" topary myhmançylykda "Aşgabat" topary bilen duşuşdy. Ýer eýeleriniň hüjümçisi Hojanazar Gurbanowyň 45-nji minutda geçiren goly bilen "Aşgabat" topary 1:0 hasabynda öňe saýlansa-da, ýeňlişiň öňüni alyp bilmedi. "Çempion" topary arakesmede oýunçy çalşyklaryny geçirip, 2-nji ýarymyn ilkinji 20 minudynyň dowamynda 4 gol geçirip, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. 

Şeýlelikde geçirilen duşuşyklardan soň wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazanan “Arkadag” topary 21 oýundan 63 utuk toplady. "Altyn Asyr" topary 20 oýundan 47 utuk toplap, bassyr ikinji ýyl wise-çempionlygy gazandy. "Nebitçi" – 21 oýundan 34 we "Ahal" – 18 oýundan 26 utuk bilen bürünç medala dalaş edýärler.


ÝL. 24-nji tapgyryň duşuşyklary:

07.12.2023 ý. (penşenbe)


“Energetik” – “Şagadam” – 0:0


Duýduryşlar:

10' Awdyresul Abdyýew (“Energetik”)

41' Rahman Baýlyýew (bäş tälimçi, “Energetik”)

79' Begenç Gylyçnyýazow (“Şagadam”)

90'+6 Mekan Parahatow (“Energetik”)


Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)

Başlanan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)


“Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 2:1

[0:1] – 12' Magtymberdi Berenow

[1:1] – 38' Hoşgeldi Hojowow

[2:1] – 54' Röwşengeldi Halmämmedow


Duýduryşlar:

36' Serdar Tukiýew ("Nebitçi")

51' Röwşengeldi Halmämmedow ("Altyn Asyr")

89' Wahyt Orazsähedow ("Altyn Asyr")

90'+2 Döwran Berdiýew (“Nebitçi”)

90'+2 Gurbangeldi Batyrow ("Nebitçi")


Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Başlanan wagty: 14:00

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)


27-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:


“Aşgabat” – “Arkadag” – 1:4

[1:0] – 45' Hojanazar Gurbanow

[1:1] – 47' Abdy Bäşimow

[2:1] – 50' Didar Durdyýew

[3:1] – 63' Şanazar Tirkişow

[4:1] – 65' Şanazar Tirkişow


Duýduryş:

85' Abdy Bäşimow ("Arkadag")


Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)


"Nebitçi" futbol toparynyň 18 ýaşly hüjümçisi Magtymberdi Berenow Ýokary liganyň şu möwsüminde 8 gezek tapawutlanyp bilen 4-nji futbolçy boldy. Edil şunuň ýaly "Aşgabat" futbol toparynyň 21 ýaşly hüjümçisi Hojanazar Gurbanow Ýokary liganyň şu möwsüminde 8 gezek tapawutlanyp bilen 5-nji futbolçy boldy. Ol 27-nji tapgyryñ wagty süýşürilen duşuşygynda "Arkadag" toparynyň derwezesinden 1 gol geçirip, möwsümdäki gollarynyň sanyny 8-e çykardy. Bu netije bilen möwsümiň iň kän gol geçiren oýunçylarynyň sanawynda 4-nji orny eýeleýän hüjümçi iň ýakyn bäsdeşi bolan Didar Durdyýewden («Arkadag») 18 gol, Myrat Annaýewden («Altyn Asyr») 3 gol, Wahyt Orazsähedowdan («Altyn Asyr») 2 gol yzda. 



*Habarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi internet (www.tff.com.tm) sahypasyndan maglumatlar ulanylandyr.